Durmuş..hakykat.. bolan waka.... Gamly goşgy ýazmaýyn men diýsemem.. Bu gün ele ýene galamym aldym.. Şu wakany ýüregimden syzdyryp.. Naçar Bossan uýañ halyna ýazdym.. Ýedi ogul bir gyzly bagtyýar öýüñ.. Kakasy Şirmyrat ejesi Bagty.. Çagalam aýakda mäkäm dursunlar.. Diýip zähmet çekip sowurdy wagty.. Ýeke gyzy galdy öýüñ içinde.. Çagalar ýetişdi öýlendi barsy.. Üçüsi aýalnyñ yzyna düşdi.. Öý alyp göçdüler galanja ýarsy.. Garaz garran çagy enedir-ata.. Ýeke ýalñyz garry ojakda galdylar.. Nehä ogullary geldi hal sorap.. Nede mähribanlar baryp bildiler.. Ogullaryna bir-bir jañ etdi ata.. Bu gün eneñiziñ dogulan güni.. Gutlap gidiñ ýarym sagat sarp edip.. Şu gün bir duýmasyn ýekeligini.. Emma ýedi ogul ýedi gelinden.. Gutlamana hiç biri hem gelmedi.. Altmyş üç ýaşyna giren enäniñ.. Ak goýun toýunda ýüzi gülmedi.. Günler geçdi salymyny bermedi.. Ýalñyzlyk garratdy ata-enäni.. Ýene-de ogullar şeýle bir uly.. Durmuşynda göýberdiler hatany.. Garry mähribanlar begenip bu gün.. Tutdylar gyzynyñ durmuş toýuny.. Ogullardan goldaw görmedik ata.. Soýdy gapydaky ýeke goýnuny.. Has hem ýeke galdy indi garrylar.. Kişi maşgalasy bolýar gyz çaga.. Azaşyp-ýalnyşyp namart oguldan.. Atasyny sorap gelýäni ýoga.. "Giýew-ýedi nemis"-diýsede iller.. Ýene körekeni gelipdir sorap.. Garrylara kömek berip durupdyr.. Elmydam gezipdir daşlaryn gorap.. Ýetimlikde ösen köreken ýigit.. Göçüp gelmekligi karar edipdir.. Gybatkeşler köpdä adam içinde.. Habar ogullara durman ýetipdir.. Ýedi ogul üýşüp maslahat edip.. Gelmän jañ edipdir garryja ata.. "Jaý biziñki kaka"-diýipdir ogul.. "Ölseñ äkitjegiñ 5 metr mata".. Namys edip ata içine salyp.. Şeýle bir nalalar çekipdir ýeke.. Gijeler ýatmandyr ýürek ezilip.. Gözler kör bolupdyr göz ýaşyn döke.. Düşeginden galman ýatypdyr ata.. Ah çekip şeýle bir agyrmyş haly.. Köreken özüniñ jaýyn satypdyr.. Gaýyn atasyny galdyrar ýaly.. Emma agyr ýüki üstün gelipdir.. Ata jan beripdir çydap bilmäni.. Ogullardan diñe dördi gelipdir.. Galany oñupdyr ýasa gelmäni.. Razylaşyp dogan gardaş jaýlapdyr.. Ogullar durmuşyn pile ýetmäni.. Hatda biri yzynada gaýdypdyr.. Atasyn jaýlaman öwlýä gitmäni.. Ömürlik ýoldaşy Bagty enemiz.. Aýyryp ýetişmän gara öýmäni.. Gussadan şeýle bir saralyp solup.. Panydan gidipdir kyrk gün yz ýany.. Topragy hem sowap ýetişmän enäñ.. Ogullar başlapdyr dawa jenjele.. Maşyn, öý, pullary barly ogullar.. Bir köne külbe diýp edýär zenzele.. Giýew bu ýagdaýa gynanyp örän.. Çykypdyr ol öýden aýalyn alyp.. Bossan şol günden soñ yza garaman.. Görmändir doganlañ ýüzüni gaýdyp.. Ýedi ogul baýlykda tozup gidipdir.. Agzy ala başlary hem jem bolman.. Eý adamlar, imanlylar sapak al.. Toba ediñ bu belany geñ görmän.. Döwran ogul perzent isleýär her kim.. Emma Alla bilýär haýsysy gowy.. Wah peýdasyz, namart ýedi ogulam.. Alla ýalkamasa janyña ýagy.. Dowran Muhammedow Id: dm631063

Теги других блогов: продвижение SEO Google